Güncel

BAHAR BAÝRAMYŇYZ GUTLY BOLSUN!

Biziň gadym ata-babalarymyz Aý-ýyldyzlaryň hereketine seredip, gije bilen gündiziň ýazky deňleşýän wagtyny kesgitläp bilipdirler. Şunlukda olar bahar paslynda bu güni baýram edipdirler. Bu baýram esasan ekerançylyk bilen baglanyşykly bolup, şu baýramdan soň, ýere tohum atyp, täze hasylyň düýbüni tutupdyrlar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Karary bilen her ýylyň 21-nji marty Halkara Nowruz güni diýlip yglan edildi, şeýle hem Nowruz baýramçylygy ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bilşimiz ýaly, şu ýyl Halkara Nowruz baýramy biziň Türkmenistan döwletimizde giňden bellenip geçiler. Pursatdan peýdalanyp ähli Türkmen halkyny Milli bahar baýramy bilen gutlaýarys! Mähriban Arkadagymyzyň alyp barýan döwlet ähmiýetli işleri mydama rowaç bolsun!


Dr.Muhtar Fatih BEYDİLİ Türkmen Hekimler Birliği Başkani 

Pin It on Pinterest