Genel

Ata Watan Türkmenistan 27 ýyllyk Mukaddes Garaşsyzlyk Milli Baýramy Gutly- Bolsun!

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan döwleti hemişelik Bitaraplyk, parahtçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerip, taryh üçin uzak bolmadyk döwürde halkara derejesinde uly abraý gazandy. Hemişelik Bitaraplyk Garaşsyz Watanymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegine, halkymyzyň bagtyýar durmuşa ýetmegine giň ýol açdy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň giň mümkinçiliklerini dabaralandyrmak, döwletimiziň dünýädäki ornuny mundan beýläk-de berkitmek, ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýäde syýasy durnuklulygy saklamak we hemmetaraplaýyn goldamak, ähliumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek , we öňde goýlan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekýän halkymyzyň ruhuny belentliklere göterýär. Bu barada Hormatly Prezidentimiz: «Eziz Watanymyzyň – Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin ähli gujur gaýratymyzy gaýgyrman yhlas edeliň! Öňe, diňe öňe, jan Watanym, Türkmenistan!» diýip belleýär.

Üstünlikleriň sakasynda duran Mähriban Arkadagymyza tutýan tutumlarynyň mundan beýlägem pajarlap ösmegini, ýurdumyzyň asuda, halkymyzyň abadan bolmagyny arzuw edýärin. Türkmen halkyny eşretli zamana alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Ata Watan Türkmenistan’ım mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!  il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaç bolsun!

Şanly Garaşsyzlyk Milli baýramy Ata Watan Türkmenistanyň — Garaşsyzlyk güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!.

Uzm. Dr. Muhtar Fatih

Pin It on Pinterest